Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Reb Musa şeýle diýdi: «Haruna we onuň ogullaryna aýt, ysraýyllara pata bersinler. Siz olara şeýle diýiň: „Goý, Reb sizi ýalkap, Öz penasynda saklasyn! Reb güler ýüzi bilen baksyn, size merhemet etsin! Reb size nazaryny salyp, salamatlyk bersin! Şeýdip, Harun we onuň ogullary ysraýyllara Meniň adym bilen pata bersinler, Men hem olary ýalkaryn“». Onsoň patyşa halka tarap öwrülip, bütin ysraýyl jemagatyna ak pata berdi. Bütin ysraýyl jemagaty dik durdy. Süleýman dik durup, bütin ysraýyl halkyna batly ses bilen pata berip, şeýle diýdi:
Выбор основного перевода