Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Süleýman patyşa we onuň huzuryna ýygnanan bütin ysraýyl halky Äht sandygynyň öňündedi. Olar san-sajaksyz goýunlary, öküzleri gurbanlyk berdiler. Onsoň patyşa we onuň ýanyndaky bütin ysraýyl halky Rebbiň huzurynda gurbanlyk berdiler. Süleýman Rebbe salamatlyk gurbanlygy hökmünde ýigrimi iki müň öküz, bir ýüz ýigrimi müň goýun berdi. Şeýdip, patyşa we bütin ysraýyl halky Rebbiň öýüniň açylyş dabarasyny etdiler. Şol günüň özünde Süleýman patyşa Rebbiň öýüniň öňündäki howlynyň ortasyny mukaddes etdi. Patyşa şol ýerde ýakma gurbanlyklaryny, galla sadakasyny we salamatlyk gurbanlyklarynyň ýaglaryny berdi, çünki Rebbiň huzuryndaky bürünç gurbanlyk sypasy ýakma gurbanlygyny, galla sadakasyny, salamatlyk gurbanlygynyň ýag böleklerini tutardan gaty kiçidi. Şeýdip, Süleýman we bütin ysraýyl halky – uly mähelle Lebohamatdan Müsür serhedine çenli bolan aralykda, Hudaýymyz Rebbiň huzurynda on dört günläp baýram etdiler. Dawut özi üçin Dawut galasynda köşkler gurdurdy. Ol Hudaýyň sandygy üçin ýer taýýarlap, çadyr dikdi. Olar Rebbiň sandygyny getirip, Dawudyň niýetläp guran çadyrynyň içinde goýdular. Soňra Dawut Rebbiň huzurynda ýakma hem salamatlyk gurbanlyklaryny berdi. Dawut Hudaýyň sandygyny Kirýatýegarymdan Iýerusalime onuň üçin taýýarlan çadyryna getiripdi. Galk, ýa Reb, gir Sen dynçlyk mekanyňa Öz güýjüňiň nyşany Äht sandygy bilen.
Выбор основного перевода