Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Dawut tutuş Ysraýyl bilen bile keruplaryň üstünde tagt gurup oturan Beýik Hudaýyň sandygyny, Onuň ady dakylan sandygy getirmek üçin Ýahudadaky Bagala, ýagny Kirýatýegaryma gitdi. Olar Hudaýyň sandygyny Abynadabyň öýünden çykaryp, täze arabada goýdular. Arabany Uza bilen Ahýo alyp barýardy. Dawut hem-de ähli ysraýyllar Hudaýyň huzurynda lira, arfa, deprek, kimwal hem-de surnaý çalyp, joşup aýdym aýdýardylar we tans edýärdiler. Olar Kidonyň harmanyna gelenlerinde, öküzler büdrediler; Uza sandygy tutjak bolup, elini onuň üstünde goýdy. Uza garşy Rebbiň gahary geldi. Reb ony öldürdi, sebäbi ol sandyga elini degripdi. Uza şol ýerde – Hudaýyň huzurynda jan berdi. Rebbiň Uza zarba urandygyna Dawudyň gahary geldi. Ol ýer şu güne çenli Peres Uza diýlip atlandyrylýar. Dawut şol gün Rebden gorkup: «Men Hudaýyň sandygyny nädip ýanyma getirip bilerin?» diýdi. Şeýlelikde, Dawut Hudaýyň sandygyny öz ýanyna Dawut galasyna getirmedi. Ol sandygy gatly Obededomyň öýünde goýdy. Hudaýyň sandygy üç aý Obededomyň hojalygynda galdy. Reb Obededomyň hojalygyna we onuň ähli zatlaryna bereket berdi.
Выбор основного перевода