Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Bu gije sen şu ýerde ýat, ertir ol saňa hossar çyksa çykar, bolmasa-da, men özüm saňa hossarlyk ederin, Rebbiň barlygynda muňa ant içýärin! Ertire çenli sen şu ýerde boluber» diýdi. Patyşa Rebden ant içip, şeýle diýdi: «Janymy her muşakgatdan gutaran Reb muňa şaýatdyr: Üçünji gün diýlende Şawulyň düşelgesinden ýakasyny ýyrtyp, başyndan gum sowran bir adam Dawudyň ýanyna geldi. Ol Dawudyň öňünde ýere ýüzin düşüp tagzym etdi. Dawut oňa: «Aýt, näme boldy?» diýdi. Ol: «Goşun ýeňlip gaçdy, adamlaryň köpüsi gyryldy. Şawul bilen onuň ogly Ýonatan hem öldi» diýdi. Dawut bu habary getiren ýaş ýigitden: «Şawul bilen onuň ogly Ýonatanyň ölenini nireden bilýäň?» diýip sorady. Ýaş ýigit Dawuda şeýle jogap berdi: «Edil şol wagt men Gilboga dagyndadym. Men Şawulyň naýzasyna söýenip duranyny, duşmanyň söweş arabalarynyň we olary sürýän esgerleriň bolsa oňa golaýlaşyp barýandyklaryny gördüm. Şawul ýeňsesine seredende meni görüp, ýanyna çagyrdy. Men: „Näme agam?“ diýdim. Ol: „Sen kim?“ diýip sorady. „Men amalek tiresinden“ diýip jogap berdim. Soňra ol maňa: „Gel-de, meni öldür, çünki entek içimde janym bolsa-da, ajalym görnüp dur“ diýdi. Menem bardym-da, ony öldürdim. Sebäbi men onuň indi diri galmajakdygyna göz ýetiripdim. Başyndaky täji bilen elindäki bilezigini jenabyma alyp gaýtdym, ine, olar jenabym». Soňra Dawut ýaş ýigitleriň birini ýanyna çagyryp: «Gel, şuny öldür!» diýdi. Ýigit ony urup öldürdi.
Выбор основного перевода