Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Neriň ogly Abner Şawulyň goşunbaşysydy. Ol Şawulyň ogly Yşboşedi Mahanaýyma getirdi. Bu iki dogan bugdaý almaga gelen kişiler bolup, Yşboşediň içine urdular. Bu, ine, şeýle bolupdy: olar öýe girenlerinde, Yşboşet öz ýatýan otagynda uklap ýatyrdy. Olar onuň üstüne topuldylar-da, ony öldürip, kellesini kesip aldylar we ol ýerden çykyp gaçdylar. Soňra olar Iordan deresiniň ýoly bilen uzak gije ýörediler. Ýöne Asahel yza gaýtmak islemedi. Şunlukda, Abner naýzasynyň ujuny onuň içinden geçirdi. Asahel ýykyldy, ýykylan ýerinde-de jan berdi. Onuň ölen ýerinden geçenleriň hemmesi ol ýerde aýak çekdiler.
Выбор основного перевода