Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şeýlelikde, Dawut adamlary bilen bile piliştlileriň ýurduna tarap ugrady. Piliştliler bolsa Ýizregele gitdiler. Piliştliler Ysraýylyň garşysyna söweş etdi. Ysraýyllar piliştlilerden gaçyp, Gilbowa dagynda köpüsi gyryldy. Piliştliler Şawulyň we onuň ogullary Ýonatanyň, Abynadabyň hem-de Malkyşuwanyň yzyndan kowup ýetip, onuň ogullaryny öldürdiler. Şawula garşy söweş güýçlendi, ýaýçylar ony tapdylar we agyr ýaraladylar. Şawul ýaragçy nökerine şeýle diýdi: «Gylyjyňy al-da, meni öldür; sünnetsizleriň elinden ölüp, olara göz bolmaýyn». Emma onuň ýaragçy nökeri juda gorkdy we beýle etmek islemedi. Şoňa görä, Şawul öz gylyjyny aldy-da, onuň üstüne özüni oklady. Patyşa ondan: «Şawulyň neslinden aman galan barmy? Hudaýyň hatyrasyna men oňa wepalylyk görkezjek» diýip sorady. Siba: «Ýonatanyň iki aýagy-da agsak bir ogly bar» diýip jogap berdi. Ýonatanyň ogly, Şawulyň agtygy Mepiboşet Dawudyň ýanyna geldi. Ol ýere ýüzin düşüp, patyşa tagzym etdi. Dawut: «Mepiboşet!» diýdi. Ol: «Hawa, men şol guluň!» diýip jogap berdi. Ýonatandan Meribagal, Meribagaldan Mika doguldy.
Выбор основного перевода