Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şol döwürde Abymelek patyşa öz harby serkerdesi Pikol bilen bile Ybraýymyň ýanyna baryp, oňa: «Ähli işde Hudaý seniň bilen biledir. Sen maňa meniň tohum-tijime biwepalyk etmejekdigiňe, meniň saňa wepaly bolşum ýaly, seniň-de maňa we öz gelmişek bolup ýaşaýan ýurduňa wepaly boljakdygyňa sen Hudaýdan ant iç» diýdi. Ybraýym: «Ant içýärin» diýdi. Soňra Abymelegiň gullarynyň özünden suwly guýyny zor bilen alandyklary üçin Ybraýym oňa närazylyk bildirdi. Abymelek oňa: «Muny men şu wagt eşidýärin. Ony kimiň edendiginden habarym ýok. Sen muny maňa habar bermediň» diýdi. Ybraýym Abymelege ownukly-irili mal berdi. Olar özara äht baglaşdylar. Ybraýym ýedi sany guzyny sürüden çykaryp, aýry goýdy. Patyşa Ybraýymdan: «Näme üçin beýdýärsiň?» diýip sorady. Ol: «Sen şu ýedi guzyny menden al. Şeýle etmek bilen sen şol guýyny meniň gazdyrandygyma şaýatlyk edersiň» diýdi. Olar bu guýyny Beýerşeba diýip atlandyrdylar, çünki bu ýerde olar özara ant içişipdiler. Olar Beýerşebada äht baglaşanlaryndan soň, Abymelek öz harby serkerdesi Pikol bilen ol ýerden öz ýurduna, piliştlileriň topragyna dolandy. Ybraýym Beýerşebada bir sany ýylgyn ekip, ol ýerde Baky Hudaý Rebbe ybadat etdi. gündogar we günbatar kengan hanlaryna, daglyklarda ýaşaýan amorlara, hetlere, perizlere, ýabuslara we Hermon dagynyň etegindäki Mispa ülkesinde ýaşaýan hiwilere kömek etmeklerini sorap habar iberdi. Şundan soň serhet Rama öwrülip, berk Sur galasyna gelýär we ýene-de yzyna Hosa tarap aýlanyp, Ortaýer deňzinde gutarýar. Olaryň ýerlerine Mahalap, Akzyp, Umma, Apek, Rehop ülkeleri hem degişlidir. Olar obalary bilen bile jemi ýigrimi iki galadyr. Ine, Rebbiň şol galdyran milletleri: piliştlileriň bäş hanlygy, ähli kenganlar, sidonlar, Bagalhermon dagyndan Lebohamada çenli aralykdaky Liwan dagynda ýaşaýan hiwiler.
Выбор основного перевода