Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ilat ýazuwyndan soň Dawudyň ýüreginde ynjalyksyzlyk peýda boldy. Dawut Rebbe: «Şu hereketim bilen Seniň öňüňde uly günä gazandym, akmaklyk etdim. Öz guluňy günä astynda goýma, ýa Reb! Ýalbarýaryn!» diýip, Rebbe ýüzlendi. Dawut Hudaýa şeýle diýdi: «Halkyň sanyny bilmek üçin buýruk beren men dälmidim näme? Günä eden men, hata iş eden men. Ýöne bu bigünä halk näme etdi ahyryn? Eý, Hudaýym Reb, goý, Sen diňe maňa hem atamyň nesline jeza ber, Öz halkyňy weýran etme!» Eý, Hudaý, näme üçin bizi hemişelik taşladyň? Näme üçin öriňdäki goýunlara lowlaýar Seniň gazabyň?
Выбор основного перевода