Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Rubenler bilen gatlaryň mal-garasy gaty köpdi. Ýazer we Gilgat topraklarynda mal bakmaga oňat ýerleriň bardygyny görenlerinde, «Atarot, Dibon, Ýazer, Nimra, Heşbon, Elgala, Sebam, Nebo we Begon ýaly Arnon jülgesiniň gyrasyndaky Aroger galasyndan başlap (jülgäniň özündäki gala hem degişlidir), tä Gilgada barýança, biziň üçin ýekeje-de berk gala ýokdy. Hudaýymyz Reb olaryň hemmesini biziň elimize berdi. Arnon jülgesiniň gyrasyndaky Arogerden başlap, şol jülgäniň ortasyndaky gala hem-de tutuş Meýdeba tekizliginden Dibona çenli bolan ýerler. Olaryň ýeriniň tutýan meýdany Arnon jülgesiniň gyrasyndaky Arogerden, jülgäniň ortasyndaky galadan we bütin Meýdeba tekizliginden ybaratdyr.
Выбор основного перевода