Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Reb Dawudyň ýanyna Natan pygamberi iberdi. Ol Dawudyň ýanyna baryp, oňa şeýle diýdi: «Galalaryň birinde birisi baý, beýlekisi garyp bolan iki sany adam ýaşapdyr. Baýyň süri-süri goýnudyr sygry bolupdyr. Garybyň bolsa bar baýlygy ýeke-täk guzujygy eken. Ol ony satyn alyp, öz ýanynda çagalary bilen bile ulaldypdyr. Ol öz eýesi bilen bir tabakdan iýip, bir käseden suw içipdir. Garyp ony öz gujagynda ýatyrýan eken. Ol oňa edil öz gyzy ýaly seredipdir. Günlerde bir gün ýaňky baý adamyň öýüne myhman gelipdir. Myhman üçin öz goýunlaryndan ýa-da sygyrlaryndan alyp soýmaga onuň gözi gyýman, hälki garybyň guzusyny alyp, şondan nahar taýýarlapdyr». Baýa juda gahary gelip, Dawut Natana: «Rebden ant içýärin, bu adamyň başy ölümlidir. Şeýle edendigi hem rehimsizligi üçin, ol guzyny dört esse edip gaýtarar» diýdi. Natan Dawuda şeýle diýdi: «Şol adam – sen! Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Seni Ysraýyla patyşalyga saýlanam, Şawulyň elinden halas edenem Men.
Выбор основного перевода