Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Bu alty gala ysraýyllara we araňyzda ýaşaýan gelmişeklere, göçüp gelenlere gaçybatalga bolup hyzmat etsin. Tötänlikde adam öldürip, ganhor bolan adam ol ýere gaçyp biler. Jemagat öldürileniň hossarynyň elinden ganhory halas etsin we ony başdaky gaçyp baran gaçybatalga galasyna ugratsyn. Depesine mukaddes ýag guýlup bellenen baş ruhany ölýänçä, ganhor şol ýerde bolmalydyr. Bular siz nirede ýaşasaňyz-da, nesiller boýy size parz we höküm bolsun. Eý, jenabym, patyşahym, indi öz guluňyň aýtjak sözlerine gulak sal. Eger seni meniň garşyma aýaga galdyran Reb bolsa, onda, goý, Ol gurbanlygy kabul etsin. Ýok, eger ynsan ogullary bolsa, onda, goý, olara Rebbiň näleti siňsin! Çünki olar: „Bar, başga hudaýlara sygyn“ diýip, bu gün meni Rebbiň mülkünden berlen paýymdan kowup goýberdiler. Buludyň selçeňläp, gaýyp bolşy deý, ölüler dünýäsine gidenler-de yzlaryna dolanmazlar. Emma ynsan ölüp, ýok bolýar, adamzat jan berip, ýitirim bolýar. bütin adamzat heläk bolar, ynsanlar ýene topraga öwrülerler. Men gabra inip barýanlardan saýyldym, bir mejalsyz adam dek boldum. Ynsanlaryň-da, haýwanlaryň-da takdyry birdir. Biri nähili ölýän bolsa, beýlekisi-de şeýle ölýär; hemmesiniň bir demi bar; adam haýwandan üstün däldir, çünki bary biderek. Ählisi bir ýere gidýär; ählisi toprakdandyr, ählisi-de ýene topraga dolanýar. Ynsanlaryň ruhy ýokaryk galýarmy, haýwanlaryň ruhy aşak ýere inýärmi, kim bilýär? Ýeli saklamaga hiç kimiň güýji ýetýän däldir, ölüm gününi saklamaga-da hiç kimiň güýji ýetmez. Bu söweşden gaçyp bolmaýşy ýaly, pislik-de pis adamy ölüm gününden halas edip bilmez. Ertir näme boljagyny nireden bilýärsiňiz?! Siziň ömrüňiz näme? Ol az salym görnüp, soňra ýitirim bolýan säher çygy ýalydyr.
Выбор основного перевода