Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Dawut ýerinden galdy, ýuwundy, üstüne atyr sepdi we geýimlerini çalşyrdy. Soňra Rebbiň öýüne gidip ybadat etdi. Soň öýüne gaýdyp geldi we naharlanjakdygyny aýtdy. Öňünde nahar goýdular, ol naharlandy. Bir akylly aýal galadan: «Gulak assaňyzlaň! Diňleseňizläň! Ýowaba aýdyň, men onuň bilen gepleşmek isleýärin» diýip gygyrdy. Pygamberler toparyndan bolan başga bir pygamber Rebbiň tabşyrygy boýunça öz ýoldaşyna: «Meni ur» diýdi. Ol pygamber ony urmakdan boýun gaçyrdy. Onsoň ol pygamber beýleki pygambere: «Rebbiň sözüne gulak asmandygyň üçin sen meniň ýanymdan giden badyňa, seni bir ýolbars öldürer» diýdi. Ýaňky pygamber beýleki pygamberiň ýanyndan gitdi. Ýolda oňa bir ýolbars gabat gelip, ony öldürdi. Soňra ol başga bir adamy tapyp, oňa: «Meni ur» diýdi. Şeýdip, ol adam pygamberi urup, ony ýaralady. Soňra pygamber gözlerini sargy bilen daňyp, ýoluň boýunda patyşa garaşdy. Ahap patyşa ýoldan geçip barýarka, pygamber ony çagyryp, şeýle diýdi: «Jenabym, men–guluň söweş meýdanynyň ortarasynda söweşip ýörkäm, bir esger meniň ýanyma öz ýesir alan duşmanyny getirip: „Şu adamy öz ýanyňda sakla. Eger ol gaçaýsa, sen ony öz janyň bilen ýa-da iki putdan gowrak kümüş bilen tölärsiň“ diýdi. Men–guluň odur-budur işe güýmenip ýörkä, ýaňky adam ýitirim boldy». Ysraýyl patyşasy oňa: «Saňa edil öz aýdyşyň ýaly jeza berler» diýdi. Pygamber haýal etmän gözlerindäki sargyny aýyrdy. Ysraýyl patyşasy bolsa dessine onuň pygamberleriň biridigini bildi. Onsoň pygamber Ahap patyşa: «Reb şeýle diýýär: „Meniň ölüme höküm eden adamymy eliňden goýberendigiň üçin seniň özüň onuň deregine ölersiň, onuň halkynyň başyna geljek bela seniň halkyňyň başyna geler“» diýdi. Ysraýylyň patyşasy Ahap ýüzüni sortduryp, öz öýüne Samariýa gaharly gitdi. Ol Beýtullahamy, Eýtamy, Tekowany,
Выбор основного перевода