Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Soňra Abymelek gidip, Tebez diýen galany gabady we ony eýeledi. Galanyň ortarasynda berk diň bardy. Aýal-erkek, umuman, galanyň ilatynyň hemmesi şol ýere gaçdylar. Olar diňiň içine girip, gapylaryny beklediler we onuň depesine çykdylar. Abymelek diňiň ýanyna gelip, onuň daşyny gabady, ony otlamak üçin gapylarynyň ýanyna bardy. Şonda bir aýal degirmen daşyny Abymelegiň kellesinden zyňyp, onuň kelleçanagyny döwdi. Abymelek şol mahal öz ýanyndaky ýarag göterýän ýetginjegini çagyrdy-da, oňa: «Gylyjyňy ýalaňaçla-da, meni öldür, men barada „Ony aýal öldürdi“ diýlen gürrüň ýaýramasyn» diýdi. Ýetginjek dessine oňa gylyjyny saldy, ol jan berdi.
Выбор основного перевода