Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Indi Ýowap ammonlaryň Raba galasynyň garşysyna uruşýardy. Ol şa galasyny basyp aldy. Ýowap Dawuda: «Men Raba galasyna hüjüm edip, suw çeşmelerini eýeledim. Indi sen goşunyň galan bölegini topla we galanyň çar tarapyndan çozup, ony basyp al. Bolmasa galany özüm basyp alaryn we ol meniň adym bilen atlandyrylar» diýip habar iberdi. Soňra pygamber ysraýyl patyşasynyň ýanyna gelip, oňa şeýle diýdi: «Git-de, güýç topla, seresaply meýilnama düz, çünki indiki baharda Siriýa patyşasy Benhadat täzeden seniň üstüňe hüjüm eder». Bahar paslynda Benhadat Siriýa goşunyny toplap, Ysraýylyň garşysyna uruş etmek üçin Apege gitdi. Ýaz paslynda, patyşalaryň ýörişe gidýän döwri Ýowap goşuny alyp, ýörişe çykyp, Ammon ýurduny kül-peýekun etdi, soň gelip, Rabany gabady. Emma Dawut Iýerusalimde galypdy. Ýowap Rabanyň üstüne hüjüm edip, ony derbi-dagyn etdi.
Выбор основного перевода