Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Goşun düşelgä gaýdyp gelende, Ysraýylyň ýaşululary şeýle diýdiler: «Näme üçin Reb bizi piliştliler bilen söweşde ýeňlişe sezewar etdikä? Geliň, Rebbiň Äht sandygyny Şilodan şu ýere alyp geleliň. Goý, ol biziň aramyzda bolup, bizi duşmanyň elinden halas etsin». Ruhany oňa: «Mende adaty çörek ýok. Mende diňe Rebbe hödür edilen çörek bar. Eger ýanyňdaky ýigitler golaýda aýala ýanaşmadyk bolsalar, siz ony iýip bilersiňiz» diýdi. Dawut ruhana şeýle jogap berdi: «Hawa, meniň, adatça, sapara gaýdanymda edişim ýaly, biz aýal bilen ýatmadyk. Ýanymdaky ýigitler ýönekeý sapara çykanlarynda-da inlerini päk saklaýarlar. Onsoň, olaryň öz inlerini bu gezek nähili päk saklajakdyklaryny biliber!» Şol günlerde patyşa Natan pygambere: «Seret, men-ä kedr agajyndan gurlan köşkde ýaşaýaryn, Hudaýyň sandygy bolsa bir çadyrda dur» diýdi. Men ysraýyl halkyny Müsürden alyp çykan günümden bäri öýde mesgen tutmadym; çadyrymy ondan-oňa göçürip ýaşap ýördüm.
Выбор основного перевода