1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby 19:18
Dawut Damaskda ýaşaýan siriýalylaryň arasynda goşun bölümlerini ýerleşdirdi. Siriýalylar Dawuda tabyn bolup, oňa salgyt tölediler. Dawudyň baran ýerinde Reb oňa ýeňiş berýärdi.
Siriýalylar ysraýyllaryň goşunyndan gaçdylar. Dawut olaryň ýedi müň söweş arabaly esgerlerini, pyýada goşundan kyrk müň adamy hem-de olaryň goşunbaşysy Şopagy öldürdi.