Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şol wagt bir pygamber ysraýyl patyşasy Ahabyň ýanyna baryp, Reb saňa şeýle diýýär: «Bu ägirt uly goşuny görýärsiňmi? Şu gün Men ony seniň eliňe berýärin. Ana, şonda sen Meniň Rebdigimi bilersiň» diýdi. Ahap ol pygamberden: «Bu ýeňiş kimiň üsti bilen gazanylar?» diýip sorady. Ol pygamber: «Bu ýeňiş welaýat häkimleriniň hyzmatyndaky ýaş esgerleriň üsti bilen gazanylar» diýip jogap berdi. Onsoň Ahap: «Urşy kim başlar?» diýip sorady. Pygamber: «Sen başlarsyň» diýip jogap berdi. Onsoň Ahap welaýat häkimleriniň hyzmatyndaky ýaş esgerleri toplady, olar iki ýüz otuz ikidiler. Ondan soň ol Ysraýylyň bütin goşunyny toplady, olar ýedi müňdüler. Welaýat häkimleriniň hyzmatyndaky ýaş esgerler günortan hüjüme başladylar. Benhadat bolsa özi bilen ylalaşyk baglaşan otuz iki patyşa bilen çadyrda şerap içip, serhoş bolup otyrdy. Benhadadyň Samariýa iberen esgerleri oňa: «Bir topar esgerler Samariýadan çykyp gelýärler» diýip habar berdiler. Welaýat häkimleriniň hyzmatyndaky ýaş esgerler günortan hüjüme başladylar. Benhadat bolsa özi bilen ylalaşyk baglaşan otuz iki patyşa bilen çadyrda şerap içip, serhoş bolup otyrdy. Benhadadyň Samariýa iberen esgerleri oňa: «Bir topar esgerler Samariýadan çykyp gelýärler» diýip habar berdiler. Benhadat: «Ýaraşyk üçin gelenem bolsalar, uruşmak üçin gelenem bolsalar olary diri tutuň» diýdi. Welaýat häkimleriniň hyzmatyndaky ýaş esgerler eýýäm ýörişe çykypdylar. Ysraýyl goşuny-da olaryň yzy bilen gelýärdi. Olaryň hersi öz garşydaşyny öldürdi. Siriýalylar gaçdylar, ysraýyl goşuny olaryň yzlaryndan kowdy. Siriýa patyşasy Benhadat atly beýleki söweş arabaly goşuny bilen gaçyp gutuldy. Ysraýyl patyşasy Ahabyň baştutanlygyndaky ysraýyl goşuny ýörişe çykyp, siriýalylaryň atly goşunynyň we söweş arabalarynyň üstüne çozup, olary derbi-dagyn etdi.
Выбор основного перевода