Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Biraz wagtdan soň Ammon patyşa Nahaş ölüp, ýerine ogly tagta çykdy. Dawut: «Nahaş maňa wepaly boldy, men hem onuň ogly Hanuna wepaly bolaýyn» diýdi. Ony kakasy üçin çekýän hasratyndan köşeşdirmek üçin, Dawut onuň ýanyna birnäçe çaparlar ýollady. Dawudyň adamlary Ammon ýurduna Hanuny köşeşdirmek üçin onuň ýanyna gelenlerinde, ammon begleri Hanuna: «Dawut saňa köşeşdirijileri ataňyň hormaty üçin iberendir öýdýäňmi? Ol öz çaparlaryny galany basyp almak üçin, ony gözden geçirmäge iberendir» diýdiler. Hanun Dawudyň çaparlaryny tutup, olaryň sakgallaryny syrdy, geýimlerini syrtlaryna çenli ortasyndan kesdirip, yzlaryna ugratdy. Şeýdip, olar ol ýerden gaýtdylar. Bu adamlar hakda Dawuda habar berenlerinde, ol: «Sakgalyňyz ösýänçä, Ýerihoda boluberiň, soň gelersiňiz» diýen tabşyryk bilen olaryň öňünden çaparlar iberdi, çünki olar gaty kemsidilipdi. Dawudy özlerine duşman edendiklerine düşünip, ammonlylar Hanun bilen Mesopotamiýadan, Siriýadaky Magakadan hem-de Sobadan söweş arabalaryny, arabaly goşuny hakyna tutmak üçin, olara bir müň ýedi ýüz batman kümüş iberdi. Olar otuz iki müň sany söweş arabasyny we patyşa Magakany goşuny bilen hakyna tutdular. Olar gelip, Meýdebanyň öňünde harby düşelge gurdular. Ammonlylar hem öz galalaryndan ýygnanyşyp, söweşe çykdylar. Dawut muny eşidip, Ýowaby hem batyr esgerli bütin goşunyny iberdi. Ammonlar çykyp, galanyň derwezesiniň agzynda söweşmek üçin nyzama durdular, gelen patyşalar bolsa açyk meýdanda aýratyn nyzama durdular. Özüniň hem arkasynda, hem öňünde söweşiň ýaýbaňlanandygyny gören Ýowap Ysraýylyň saýlama esgerlerini alyp, olary siriýalylaryň garşysyna nyzama duruzdy. Galan goşuny öz dogany Abyşaýyň eline berdi we olary ammonlylaryň garşysyna nyzama duruzdy. Ýowap: «Bardy-geldi siriýalylar menden güýçli çykaýsalar, sen maňa kömege ýetişersiň; bardy-geldi ammonlylar senden güýçli bolup çykaýsalar, onda men saňa kömege ýetişerin. Mert bol, halkymyz üçin we Hudaýymyzyň galalary üçin dözümli söweşeli. Reb bolsa Öz islänini etsin» diýdi. Şeýdip, Ýowap hem onuň goşunlary siriýalylara garşy söweşe girişdiler; duşmanlar Ýowapdan gaçdylar. Siriýalylaryň gaçanyny gören ammonlylar hem Ýowabyň dogany Abyşaýdan gaçyp, gala girdiler. Şondan soň Ýowap Iýerusalime geldi. Özleriniň ysraýyllardan ýeňlendiklerini görüp, siriýalylar Ýewfrat derýasynyň aňyrsyndaky siriýalylara çaparlar iberip, olary Şopagyň baştutanlygynda çykartdylar. Şopak Hadadgezeriň goşunbaşysydy. Dawut muny eşidip, ähli ysraýyllary toplap, Iordan derýasyndan geçdi. Ol olaryň ýanyna gelip, öz güýçlerini siriýalylara garşy gönükdirdi. Dawut öz goşunyny siriýalylaryň garşysyna nyzama duruzdy we siriýalylar olar bilen urşa girişdiler. Siriýalylar ysraýyllaryň goşunyndan gaçdylar. Dawut olaryň ýedi müň söweş arabaly esgerlerini, pyýada goşundan kyrk müň adamy hem-de olaryň goşunbaşysy Şopagy öldürdi. Hadadgezere tabyn bolan hanlaryň ählisi özleriniň ysraýyllardan ýeňlendiklerine göz ýetirip, Dawut bilen ylalaşyk baglaşyp, oňa boýun egdiler. Siriýalylar mundan beýläk ammonlylara kömek etmek islemediler.
Выбор основного перевода