Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Eger-de kimde-kim seniň öýüňden daşary çyksa, ol ölümini özünden görsün, bu biziň günämiz bolmaz, emma seniň bilen öýüňde bolan adama el göterilse, onda biz onuň ölümini öz üstümize alýarys. Hannanyň kalby hasratdan doludy. Ol gözünden boýur-boýur ýaş döküp durşuna, Rebden dileg etdi. Dawut bu habary eşidip: «Özümem, patyşalygymam Neriň ogly Abneriň gany üçin Rebbiň öňünde hiç wagt günäkär bolmarys. Günä, goý, Ýowabyň hem onuň nesliniň boýnuna düşsün. Ýowabyň nesliniň arasynda iriň ýygnaýan ýaraly, pis açan ýa-da goltugy pişekli, gylyçdan ölýän ýa-da nana zar adamlar, goý, hemişe bolsun dursun» diýdi. Bilip goý, Kidron deresinden geçip, şol ýerden çykan günüň hökman ölersiň. Sen ölümi öz başyňa satyn alarsyň». Ähli halk: «Onuň ganyna biz we çagalarymyz jogapkär!» diýip jogap berdi. Hojaýyny oňa: „Eý, erbet hyzmatkär, seni öz agzyňdan çykan sözler bilen höküm ederin! Asyl sen meniň özdiýenli adamdygymy, goýmadygymy alýanymy, ekmedigimi orýanymy bilýärmidiň?
Выбор основного перевода