Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Dawut daň agarandan tä agşama çenli olary gyrdy. Düýeli gaçan dört ýüz ýigitden başga ýekeje adam-da onuň elinden gutulyp bilmedi. Dawut amalekleriň alan zatlarynyň ählisini we iki aýalyny yzyna gaýdyp aldy. Ownugu-iri zatlaryň ählisini, ogul-gyzlaryny, olja alnan zatlaryň baryny Dawut yzyna gaýtaryp getirdi; ähli zat ýerbe-ýerdi. Dawut başga-da ownuk hem iri mal sürülerini ele saldy. Olary beýleki mallaryň öňünden sürüp: «Ine, bu Dawudyň oljasy» diýýärdiler. Dawut Ziklaga gelip, «Ine, şu Rebbiň duşmanlaryndan alnan oljadan size sowgat» diýip, öz dostlary bolan ýahuda ýaşulularyna iberdi. Şeýdip, Şawulyň özi, üç ogly, ýaragçy nökeri hem-de ähli adamlary bir günde öldüler.
Выбор основного перевода