Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýeşuwa we Ysraýylyň ýaşululary ýakalaryny ýyrtyp, özlerini ýüzinligine ýere oklap, başlaryndan gum sowrup, Rebbiň Äht sandygynyň öňünde tä agşama çenli ýas tutup ýatdylar. Dawut Ýowap bilen onuň ýanyndaky ähli halka: «Ýakaňyzy ýyrtyp, jul geýniň-de, Abneriň ýasyny tutuň» diýdi. Dawut patyşa onuň tabydynyň yzyndan ýöredi. Patyşa turup, ýakasyny ýyrtyp, ýer bagyrtlady. Onuň ýanyndaky adamlary-da ýakalaryny ýyrtdylar. Eýýup ýerinden galyp, ýakasyny ýyrtdy, saçyny syryp, ýüzüni ýere berip sežde etdi.
Выбор основного перевода