Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Petrusyň ikinji haty
1 2 3
Параллельные места
Bu barada aýtjak gürrüňimiz köp, emma eşitmäge islegiňiziň ýokdugy sebäpli, muny size düşündirmek kyn. Hudaýyň Öz perzentleriniň şöhratyny aýan etjek pursadyna bütin ýaradylyş hem sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Eý, doganlar! Biziň ýaýradýan Hoş Habarymyz size diňe söz bilen däl, eýsem Mukaddes Ruhuň güýji we berk ynam bilen gowuşdy. Şonda biz Hudaýyň sizi söýüp, saýlandygyna göz ýetirdik. Biz siziň araňyzda bolanymyzda nähili ýaşandygymyzy özüňiz-de bilýänsiňiz. Gaýtam, olaryň özleri siziň bizi kabul edişiňiz barada gürrüň berýärler. Şeýle-de siziň butlardan ýüz öwrüp, Hudaýa tarap öwrülendigiňizi aýdyp berýärler. Siz indi hakyky, diri Hudaýa gulluk edýärsiňiz we Onuň ölümden direlden Ogly Isanyň göklerden gelmegine garaşýarsyňyz. Isa Mesih biziň ählimizi gelejekdäki gazapdan halas edýändir. Olaryň zynadan gözleri doýmaýar, hiç wagt günäni bes etmeýärler. Olar durnuksyz kişileri duzaga düşürip azdyrýarlar. Olaryň kalby açgözlüge ýugrulyp, näletlenen adamlardyr. Mukaddes pygamberleriň gadymyýetde aýdan habaryny we Rebbimiz Halasgäriň resullaryňyz arkaly size beren buýrugyny ýadyňyza salmakçy. Şoňa görä-de, eý, söýgüli doganlar, bulara garaşýandygyňyz üçin, Hudaýyň nazarynda parahatlykda ýaşap, päk we aýypsyz bolmaga jan ediň.
Petrusyň ikinji haty
1 2 3
Выбор основного перевода