Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Petrusyň ikinji haty
1 2 3
Параллельные места
Hudaýymyz gelýär, ümsüm däldir Ol: Onuň öňünde ot bar ähli zady ýalmaýan, töwereginde – güýçli gaý-tupan. Gögüň ähli goşunlary çüýrär, asman kagyz kimin düýrlener; ähli asman jisimleri üzüm agajynyň ýapragy dek, injir agajynyň ýapragy dek solarlar. Şoňa görä-de, indi siziň, ýagny Isa Mesihiň gökden inmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýanlaryň ruhy peşgeşler babatda hiç bir ýetmezi ýokdur. Biz bu ýörelgä eýerip, ajaýyp umydymyz bolan beýik Hudaýymyz we Halasgärimiz Isa Mesihiň şan-şöhrat içinde göklerden inmegine garaşýarys. Emma Rebbiň güni gijeki ogry kimin geler. Şonda asman uly güpürdi bilen ýiter, asman jisimleri ýanyp dargar, ýer we onda edilen ähli işler äşgär bolar.
Petrusyň ikinji haty
1 2 3
Выбор основного перевода