Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13
Параллельные места
Meniň bilen tussaglykda bolan tiredeşlerim Andronik bilen Ýuniýa salam aýdyň. Olar resullaryň arasynda at-abraý gazanyp, Mesihe menden öň iman edipdiler. Hakyky, bularyň bary bize teselli berdi. Siz Titusy begendirip, onuň köňlüne teselli beripsiňiz. Biz onuň begenjini görenimizde, muňa öz begenjimizden-de köp begendik. Men Titusdan siziň ýanyňyza gitmegini haýyş etdim. Onuň ýany bilen imandaky doganymyzy hem iberdim. Heý-de Titus sizi öz bähbidi üçin işletdimi? Eýsem biz şol bir Mukaddes Ruha görä ýaşamaýarysmy? Şol bir ýörelgä eýermeýärismi? Siz mätäçligimde men barada alada etmek üçin ilçiňiz Epafroditi ýanyma iberipdiňiz. Emma men ony, ýagny öz işdeşimi, söweşdeşimi we doganymy yzyna, siziň ýanyňyza ibermegi makul bildim.
Выбор основного перевода