Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13
Параллельные места
Baranymda bolsa, siziň kömegiňizi Iýerusalime aşyrjak adamlary özüňiz saýlarsyňyz. Men olary iberenimde, tanatma hatlaryny hem ýanlaryna goşaryn. Eger Iýerusalime meniň gitmegim makul bilinse, olar maňa ýoldaş bolarlar. Olar Hudaýyň Iýerusalimdäki halkyna edilýän hyzmata özleriniň hem şärik edilmegini sorap, bize ýalbardylar. Şonuň üçin biz Titusdan siziň araňyzda başlan bu haýyrly işini şol tärde-de soňuna çenli dowam etmegini haýyş etdik. bu işi öz mümkinçiligiňizden ugur alyp bitiriň. Ony yhlasly başlaýşyňyz ýaly, yhlas bilen-de tamamlaň. Ýöne olar mätäçlik çekýän doganlary ýatdan çykarman, olara kömek etmegimizi haýyş etdiler. Men hem muny berjaý etmek üçin elimde baryny gaýgyrmadym.
Выбор основного перевода