Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13
Параллельные места
Her biriňiz Hudaýyňyz Rebbiň beren berekedine görä sowgatlar eltiň. Eliňden gelýärkä, mätäçlerden ýardamyňy aýama. Eliňde barka, ýakynyňa: «Git, soň gel, ertir bererin» diýme. Isa şägirtlerini ýanyna çagyryp, olara: «Size dogrusyny aýdýaryn, bu garyp dul aýal guta hemmelerden kän pul atdy. Beýlekiler özlerinden artanyny atdylar, ýöne bu hatyn garyplygyna garamazdan, elindäki ähli çörek puluny atdy» diýdi. Ol: «Size dogrusyny aýdýaryn, bu garyp dul aýal hemmelerden köp atdy. Bu adamlaryň hemmesi sadaka gutusyna özlerinden artany atdylar, bu aýal bolsa garyplygyna garamazdan, bar-ýoguny, elindäki ähli çörek puluny atdy» diýdi.
Выбор основного перевода