Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Asa Hudaýy Rebbi çagyryp, şeýle diýdi: «Ýa Reb, güýçli adama garşy çykmakda ejize diňe Sen ýardam berýänsiň. Ýa Beýik Hudaýymyz, bize ýardam et, çünki biz Saňa bil baglaýarys. Seniň adyň bilen biz bu ummasyz goşunyň garşysyna çykdyk». Şeýdip, Reb efiopiýalylary Asanyň we ýahuda halkynyň öňünde ýeňlişe sezewar etdi. Olar gaçdylar. Asa bilen onuň goşuny efiopiýalylary Gerara çenli kowdular. Efiopiýalylaryň bary gyrlyp, ýekejesi hem diri galmady. Olar Rebbiň we Onuň goşunynyň öňünde ýeňlişe sezewar boldular. Ýahuda halky gaty köp olja alyp gaýtdy. Söweş arabalarynyň serkerdeleri Ýehoşapady görenlerinde: «Şu hökman Ysraýylyň patyşasy bolmalydyr» diýip, oňa hüjüm etmek üçin şol tarapa sowuldylar. Ýehoşapat bar sesine gygyrdy. Reb onuň dadyna ýetişip, serkerdeleri ondan daşlaşdyrdy. Ýöne welin mukaddessiň Sen! Ysraýyl alkyşlarynyň üstünde tagt guransyň Sen. Saňa bil bagladylar atalarymyz; ynandylar, Sen hem halas etdiň olary.
Выбор основного перевода