Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Leýa göwreli bolup, bir ogul dogurdy. Ol ogluna Ruben diýip at goýdy, çünki ol: «Reb meniň betbagtlygymy gördi, indi meni adamym halar» diýdi. Ysraýyl Ederde ýaşaýarka, onuň ogly Ruben öz kakasynyň gyrnak aýaly Bilha bilen ýatdy. Ysraýyl muny eşitdi. Ysraýylyň on iki ogly bardy. Onuň Leýadan bolan ogullary: Ruben (nowbahar ogly), Şimgon, Lewi, Ýahuda, Ysakar, Zebulun; Ysraýyl Ýusuba pata berip, şeýle diýdi: «Ata-babalarym Ybraýymyň hem Yshagyň nazarynda gezen Hudaýy, ömürboýy tä şu güne çenli maňa garaşyk edip gelen Hudaý, meni ähli ýamanlykdan goran perişde bu oglanlary-da ýalkasyn! Goý, meniň adym, ata-babalarym Ybraýymyň hem Yshagyň ady şu oglanlaryň üsti bilen dowam etsin! Goý, olardan köp nesiller döresin!» Kakasynyň sag elini Efraýymyň başyna goýmagy, Ýusuba ýaramady. Ýusup: «Kaka, beýle däl. Nowbahar oglum, ine, budur, Manaşadyr. Sag eliňi onuň başyna goý» diýip, kakasynyň elini Efraýymyň başyndan aýryp, ony Manaşanyň başyna goýjak boldy. Kakasynyň sag elini Efraýymyň başyna goýmagy, Ýusuba ýaramady. Ýusup: «Kaka, beýle däl. Nowbahar oglum, ine, budur, Manaşadyr. Sag eliňi onuň başyna goý» diýip, kakasynyň elini Efraýymyň başyndan aýryp, ony Manaşanyň başyna goýjak boldy. Ýöne kakasy beýle etmedi. Ol Ýusuba: «Bilýän, oglum, bilýän. Manaşa hem beýik bolar we onuň nesillerinden hem beýik halk dörär. Emma onuň inisi Efraýym, agasyndan has beýik bolar we onuň nesillerinden juda köp milletler dörär» diýdi. Şol gün Ysraýyl olara pata berip, şeýle diýdi: «Ysraýyl halky kimdir birine pata berende: „Hudaý sizi edil Efraýymy hem Manaşany ýalkaýşy ýaly ýalkasyn“ – diýip, siziň adyňyz bilen pata berer». Şeýdip, Ysraýyl Efraýymyň adyny Manaşanyň adyndan öňe geçirdi. Soňra Ysraýyl Ýusuba: «Meniň sanaglym dolup barýar. Emma Hudaý siziň bilen bile bolar we sizi ýene-de öz ata-babalaryňyzyň mekanyna elter. Indi men Şekemi doganlaryňa däl-de, saňa berýärin; men ol mülk ýeri gylyjymdyr ýaýym bilen amorlardan basyp aldym» diýdi. Eý, Ruben, meniň nowbahar oglum, güýjüm-kuwwatym, jahyllyk çagymyň ilkinji miwesi, hemme ogullarymdan iň mertebelisi we iň güýçlüsi sensiň. Suw kimin durnuksyzsyň sen, indiden beýläk mertebäň belende galmaz seniň, çünki sen öz ataň düşegine geçip, ony harama çykardyň.
Выбор основного перевода