Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Ýehoýadanyň ogly Benaýa – keretler bilen peletleriň baştutanydy, Dawudyň ogullary bolsa ruhanydylar. Ýehoýadanyň ogly Benaýa uly edermenlikler görkezen kabseýelli batyr ýigitdir. Ol mowaply arslan ýürekli iki edermen urşujyny öldürdi, şeýle hem ol garly gün çukuryň içinde bir ýolbarsy öldürdi. Ol soňra äpet bir müsürlini öldürdi. Müsürliniň elinde naýzasy bardy. Benaýa onuň garşysyna taýakly çykdy. Ol müsürliniň elinden naýzasyny alyp, ony öz naýzasy bilen öldürdi. Ýehoýadanyň ogly Benaýa, ine, şeýle işleri edip, ol hem üç batyr ýigit ýaly meşhur boldy. Ol otuz serdaryň arasynda iň meşhurydy, ýöne üç batyr ýigidiň biri däldi. Dawut ony öz janpenalarynyň baştutany edip goýdy. Ýehoýadanyň ogly Benaýa uly edermenlikler görkezen kabseýelli batyr ýigitdir. Ol mowaply arslan ýürekli iki edermen urşujyny öldürdi; şeýle hem ol garly gün çukuryň içinde bir ýolbarsy öldürdi. Ol boýy bäş tirsek bolan müsürlini öldürdi. Müsürliniň elinde dokma agajy ýaly naýzasy bardy. Benaýa onuň üstüne taýakly topulyp, elindäki naýzasyny alyp, öz naýzasy bilen onuň özüni öldürdi. Ýehoýadanyň ogly Benaýa, ine, şeýle işleri edip, ol hem üç batyr ýigit ýaly meşhur boldy. Ol otuz serdaryň arasynda iň meşhurydy, ýöne üç batyr ýigidiň biri däldi. Dawut ony öz janpenalarynyň baştutany edip goýdy.
Выбор основного перевода