Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Dawudyň batyr ýigitleriniň atlary, ine, şulardyr: tahkemonly Ýoşe Başebet. Ol serdarlaryň baştutanydy. Ol naýzasy bilen bir wagtyň özünde sekiz ýüz adamy öldürdi. Ondan soňra üç batyr ýigidiň biri ahowa urugyndan Dodonyň ogly Elgazardyr. Söweşmek üçin toplanyşan piliştlilere gyjalat berlende, ol Dawudyň ýanyndady. Ysraýyllar yza çekildiler, emma Elgazar ýerinden gozganmady; ol surnugýança, hatda eli gylyja ýelmeşýänçä söweşip, piliştlileri gyrdy. Reb şol gün beýik ýeňiş berdi. Halk onuň yzyna diňe olja ýygnamak üçin düşdi. Üçünjisi hararly Ageniň ogly Şammadyr. Piliştliler Lehide ýygnanyşypdylar. Ol ýerde mäşden doly bir ýer bardy. Goşun piliştlilerden gaçdy. Ýöne Şamma meýdançanyň ortarasynda durup, şol ýeri gorady we piliştlileri gyrdy. Reb uly ýeňiş berdi. Orak döwründe otuz serdaryň üçüsi Dawudyň ýanyna, Adullam gowagyna gitdi. Piliştlileriň goşuny Rapa jülgesinde düşläpdi. Dawut şol wagt galadady. Piliştlileriň goşun bölümi bolsa Beýtullahamdady. Dawut arman edip: «Beýtullahamyň derwezesiniň ýanyndaky guýudan suw getirip beren bolsady, şondan bir içsemdim» diýdi. Şonda üç batyr ýigit piliştlileriň düşelgesini böwsüp geçdi-de, Beýtullahamyň derwezesiniň ýanyndaky guýudan suw alyp, ony Dawuda getirip berdi. Emma Dawut suwdan içmedi, ol ony Reb üçin ýere dökdi. Ol: «Meni beýtmekden sakla, ýa Reb! Janlaryny howp astyna salyp giden adamlaryň ganyny, heý-de, men içip bilerinmi?!» diýip, suwdan içmek islemedi. Bu üç batyr ýigit şeýle edermenlikler görkezipdi. Seruýanyň ogly Abyşaý üç batyr ýigidiň baştutanydy, ol Ýowabyň doganydy. Ol öz naýzasy bilen üç ýüz adamyň garşysyna uruşdy we olary öldürip, üç batyr ýigit ýaly meşhur boldy. Ol otuz serdaryň iň meşhurydy we baştutandy, ýöne üç serdaryň derejesine ýetip bilmändi. Ýehoýadanyň ogly Benaýa uly edermenlikler görkezen kabseýelli batyr ýigitdir. Ol mowaply arslan ýürekli iki edermen urşujyny öldürdi, şeýle hem ol garly gün çukuryň içinde bir ýolbarsy öldürdi. Ol soňra äpet bir müsürlini öldürdi. Müsürliniň elinde naýzasy bardy. Benaýa onuň garşysyna taýakly çykdy. Ol müsürliniň elinden naýzasyny alyp, ony öz naýzasy bilen öldürdi. Ýehoýadanyň ogly Benaýa, ine, şeýle işleri edip, ol hem üç batyr ýigit ýaly meşhur boldy. Ol otuz serdaryň arasynda iň meşhurydy, ýöne üç batyr ýigidiň biri däldi. Dawut ony öz janpenalarynyň baştutany edip goýdy. Otuzlaryň arasynda ýene-de, ine, şular bardy: Ýowabyň dogany Asahel, beýtullahamly Dodonyň ogly Elhanan, harotly Şamma we Elika, paltyly Heles, tekowaly Ikeşiň ogly Yra, anatotly Abygezer, huşaly Mebunnaý, ahowa urugyndan Salmon, netopaly Mahraý, netopaly Bagananyň ogly Helep, benýaminlerden gibgaly Ribaýyň ogly Ytaý, pirgatonly Benaýa, Gagaş jülgelerinden Hidaý, Ähli ysraýyllar Hebrondaky Dawudyň daşyna ýygnanyp, oňa şeýle diýdiler: «Biz seniň öz süýegiňden, öz teniňdendiris. Öňlerem – Şawul patyşamyzka-da sen ysraýyl goşunyna serkerdediň. Hudaýyň Reb saňa: „Meniň halkym Ysraýylyň çopany sen bolarsyň, halkym Ysraýyla sen hökümdarlyk edersiň“ diýipdi» diýdiler. Şeýdip, Ysraýylyň ähli ýaşululary Hebrona Dawudyň ýanyna geldiler. Şol ýerde Rebbiň huzurynda Dawut olar bilen äht edişdi. Ysraýylyň ýaşululary Rebbiň Şamuweliň üsti bilen aýdan sözüne laýyklykda, Dawudyň başyna ýag guýup, ony Ysraýyla patyşa bellediler. Dawut we tutuş Ysraýyl Iýerusalime, ýagny Ýabusa – ýabuslylaryň mekanyna ýöriş etdiler. Ýabusyň ilaty Dawuda: «Sen bu ýere girip bilmersiň» diýdiler. Emma Dawut Sion galasyny basyp aldy. Ol häzir «Dawut galasy» diýlip atlandyrylýar. Dawut: «Ýabuslylara kim öňürti zarba ursa, şol goşun serkerdesi bolar» diýdi. Seruýanyň ogly Ýowap öňürti zarba urup, goşun serkerdesi boldy. Dawut galada mesgen tutdy. Şonuň üçin hem ony «Dawut galasy» diýip atlandyrdylar. Ol Millodan başlap, galanyň tutuş töweregini täzeden gurdy. Ýowap bolsa galanyň galan bölegini bejerdi. Dawut gitdigisaýy güýçlenýärdi, çünki Hökmürowan Reb onuň bilendi. Rebbiň Ysraýyl babatdaky sözi boýunça, Dawudyň batyr ýigitleriniň baştutanlary we tutuş ysraýyl halky onuň höküm sürmegini berk goldadylar. Dawudyň batyr ýigitleri şulardy: Hakmonynyň ogly Ýaşobgam. Ol serdarlaryň baştutanydy. Ol naýzasy bilen bir wagtyň özünde üç ýüz adamy öldürdi. Ondan soňra üç batyr ýigidiň biri ahowa urugyndan Dodonyň ogly Elgazardyr. Piliştliler Pasdammymda söweşmek üçin toplanyşanlarynda, ol hem şol ýerde Dawudyň ýanyndady. Ol ýerde arpa ekilen bir bölek ýer bardy. Halk piliştlilerden gaçdy, ýöne Elgazar bilen Dawut meýdançanyň ortarasynda durup, şol ýeri goradylar we piliştlileri gyrdylar. Reb olary uly ýeňiş bilen halas etdi. Otuz serdaryň üçüsi Dawudyň ýanyna, gaýadaky Adullam gowagyna gitdi. Piliştlileriň goşuny bolsa Rapa jülgesinde düşläpdi. Dawut şol wagt galadady. Piliştlileriň goşun bölümi bolsa Beýtullahamdady. Dawut arman edip: «Beýtullahamyň derwezesiniň ýanyndaky guýudan suw getirip beren bolsady, şondan bir içsemdim» diýdi. Şonda üç batyr ýigit piliştlileriň düşelgesini böwsüp geçdi-de, Beýtullahamyň derwezesiniň ýanyndaky guýudan suw alyp, ony Dawuda getirip berdiler. Emma Dawut suwdan içmedi, ol ony Reb üçin ýere dökdi. Ol: «Meni beýtmekden sakla, ýa Hudaýym! Ýüregine daş baglap giden adamlaryň ganyny, heý-de, men içip bilerinmi?» diýip, suwdan içmek islemedi. Bu üç batyr ýigit şeýle edermenlikler görkezipdi. Abyşaý üç batyr ýigidiň baştutanydy, ol Ýowabyň doganydy. Ol öz naýzasy bilen üç ýüz adamy öldürip, üç batyr ýigit ýaly meşhur boldy. Ol üç batyr ýigitden iki esse artyk hormatlandy. Abyşaý ýigitleriň biri bolmadyk-da bolsa, olara baştutan boldy. Ýehoýadanyň ogly Benaýa uly edermenlikler görkezen kabseýelli batyr ýigitdir. Ol mowaply arslan ýürekli iki edermen urşujyny öldürdi; şeýle hem ol garly gün çukuryň içinde bir ýolbarsy öldürdi. Ol boýy bäş tirsek bolan müsürlini öldürdi. Müsürliniň elinde dokma agajy ýaly naýzasy bardy. Benaýa onuň üstüne taýakly topulyp, elindäki naýzasyny alyp, öz naýzasy bilen onuň özüni öldürdi. Ýehoýadanyň ogly Benaýa, ine, şeýle işleri edip, ol hem üç batyr ýigit ýaly meşhur boldy. Ol otuz serdaryň arasynda iň meşhurydy, ýöne üç batyr ýigidiň biri däldi. Dawut ony öz janpenalarynyň baştutany edip goýdy. Goşunlaryň batyr ýigitleri şulardy: Ýowabyň dogany Asahel, beýtullahamly Dodonyň ogly Elhanan, harotly Şammot, pelonly Heles, tekowaly Ikeşiň ogly Yra, anatotly Abygezer, huşaly Sibekaý, Ahowanyň nesli Ylaý, netopaly Maharaý, netopaly Bagananyň ogly Helet, benýaminlerden gibgaly Ribaýyň ogly Ytaý, pirgatonly Benaýa,
Выбор основного перевода