Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Adalatly bolmak üçin iki topar hem bije boýunça bölündiler, sebäbi mukaddes çadyra hem-de Hudaýa hyzmat etmeli ýolbaşçylar Elgazaryň nesliniň arasynda-da, Ytamaryň nesliniň arasynda-da bardy. Garyndaşlary bolan Harunyň nesillerinde bolşy ýaly, bular hem Dawut patyşanyň, Sadokdyr Ahymelegiň, ruhanylardyr lewileriň kowumbaşylarynyň öňünde bije atdylar. Olaryň kowumbaşylar bolan ýaş garyndaşlary hem şeýle etdiler. Olaryň uludan-kiçä, halypadan-şägirde çenli bary borçlary üçin bije atdylar.
Выбор основного перевода