Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Soňra Ýusup Efraýymy sagyna alyp, Ysraýylyň çep tarapyna, Manaşany bolsa çepine alyp, Ysraýylyň sag tarapyna golaý getirdi. Ýöne Ysraýyl ellerini çalşyryp, kiçi agtygy Efraýymyň başyna sag elini, uly agtygy Manaşanyň başyna bolsa çep elini goýdy. Ysraýyl Ýusuba pata berip, şeýle diýdi: «Ata-babalarym Ybraýymyň hem Yshagyň nazarynda gezen Hudaýy, ömürboýy tä şu güne çenli maňa garaşyk edip gelen Hudaý, meni ähli ýamanlykdan goran perişde bu oglanlary-da ýalkasyn! Goý, meniň adym, ata-babalarym Ybraýymyň hem Yshagyň ady şu oglanlaryň üsti bilen dowam etsin! Goý, olardan köp nesiller döresin!» Kakasynyň sag elini Efraýymyň başyna goýmagy, Ýusuba ýaramady. Ýusup: «Kaka, beýle däl. Nowbahar oglum, ine, budur, Manaşadyr. Sag eliňi onuň başyna goý» diýip, kakasynyň elini Efraýymyň başyndan aýryp, ony Manaşanyň başyna goýjak boldy. Kakasynyň sag elini Efraýymyň başyna goýmagy, Ýusuba ýaramady. Ýusup: «Kaka, beýle däl. Nowbahar oglum, ine, budur, Manaşadyr. Sag eliňi onuň başyna goý» diýip, kakasynyň elini Efraýymyň başyndan aýryp, ony Manaşanyň başyna goýjak boldy. Ýöne kakasy beýle etmedi. Ol Ýusuba: «Bilýän, oglum, bilýän. Manaşa hem beýik bolar we onuň nesillerinden hem beýik halk dörär. Emma onuň inisi Efraýym, agasyndan has beýik bolar we onuň nesillerinden juda köp milletler dörär» diýdi. Şol gün Ysraýyl olara pata berip, şeýle diýdi: «Ysraýyl halky kimdir birine pata berende: „Hudaý sizi edil Efraýymy hem Manaşany ýalkaýşy ýaly ýalkasyn“ – diýip, siziň adyňyz bilen pata berer». Şeýdip, Ysraýyl Efraýymyň adyny Manaşanyň adyndan öňe geçirdi.
Выбор основного перевода