Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Uruglaryna görä lewileriň sanawy: Gerşonyň neslinden gerşonlar urugy, Kohadyň neslinden kohatlar urugy, Merarynyň neslinden merarylar urugy. Lewiniň ogullary: Gerşon, Kohat we Merary. Lewiniň ogullary: Gerşon, Kohat we Merary. Kakasy Dawudyň düzgüni boýunça Süleýman ruhany toparlaryny öz hyzmatlaryna belledi. Lewileri gündelik borjuň talabyna laýyklykda ruhanylar bilen hyzmat etmäge we alkyş aýtmaga belledi. Derwezebanlary toparlaryna görä her derwezä belledi. Çünki Hudaýyň adamy Dawut şeýle tabşyrypdy. Ýehoýada Rebbiň öýüne gözegçilik etmek işine ruhanylary we lewileri belledi. Dawut olary Rebbiň öýüne gözegçilik etmäge belläpdi. Olar Musanyň kanunynda ýazylyşy ýaly, Dawudyň tabşyrygy boýunça şadyhorramlyk we aýdym-saz bilen Rebbe ýakma gurbanlyklar hödürlemelidiler. Dawudyň, patyşanyň görgüri Gatyň we Natan pygamberiň tabşyrygy boýunça, patyşa lewileri kimwallar, arfalardyr liralar bilen Rebbiň öýünde ýerleşdirdi. Bu tabşyrygy Reb pygamberleriň üsti bilen beripdi. Ysraýyl patyşasy Dawudyň we onuň ogly Süleýmanyň ýazgylarynda görkezilişi ýaly, uruglaryňyza, bölümleriňize görä taýýarlanyň.
Выбор основного перевода