Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Ýisharyň nesillerinden Konanýa hem-de onuň ogullary Ysraýylyň jemgyýetçilik işlerine baştutanlar, kazylar hökmünde bellenipdiler. Ol dagda ýetmiş müň sany hammaly, segsen müň sany daş ýonujyny we olaryň üstünden gözegçilik eder ýaly üç müň alty ýüz sany adamy toplady. Süleýman olardan ýetmiş müň adamy ýük daşamaga, segsen müň adamy dagda daş ýonmaga, üç müň alty ýüz adamy-da işgärlere gözegçilige belledi. Şeýle hem Ýehoşapat Iýerusalimde Rebbiň adyndan höküm çykarmak üçin we dawalary çözmek üçin lewilerden, ruhanylardan we Ysraýyl tirelerinden baştutanlar belledi. Olar şäherde ýaşadylar. Bu adamlar işi çyn ýürekden ýerine ýetirýärdiler. Merarynyň neslinden bolan lewi Ýahat bilen Abadýa, Kohadyň neslinden bolan Zakarýa we Meşullam dagylar bularyň üstünden baştutanlyga bellenipdiler. Saz gurallaryna ökde bolan beýleki ähli lewiler ýük daşaýanlara we dürli hyzmatda işleýänlere baştutanlyk etdiler. Mürzeler, gözegçiler we derwezebanlar hem lewilerdendi. Iýerusalimdäki Hudaýyň öýüne gaýdyp gelenlerinden soň, ikinji ýylyň ikinji aýynda Şeýaltyýeliň ogly Zerubabyl we Ýosadagyň ogly Ýeşuwa öz galan adamlary, ruhanylar, lewiler we ýesirlikden boşap, Iýerusalime gelenleriň ählisi bilen işe başladylar. Lewileriň ýigrimi we ondan ýokary ýaşlylaryny Rebbiň öýüniň işine gözegçilik etmäge bellediler. Ýeşuwa öz ogullary, garyndaşlary bilen, Kadmyýel hem öz ogullary bilen, Ýahudanyň ogullary – hemmesi birlikde Hudaýyň öýünde işleýänleriň üstünden gözegçilik edýärdiler. Olara Henadadyň ogullary, lewiler, olaryň ogullary hem-de garyndaşlary kömek edýärdiler.
Выбор основного перевода