Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Rebbiň Ysraýyla ýene gaty gahary geldi-de: «Bar, Ysraýyl bilen Ýahudanyň adam sanyny bil» diýip, Dawudy olaryň garşysyna öjükdirdi. Patyşa Ýowaba hem-de goşunbaşylara: «Dandan Beýerşeba çenli ysraýyl tireleriniň ählisine aýlanyp, olary hasaba alyň, maňa ilatyň sany gerek» diýdi. Emma Ýowap patyşa ýüzlenip: «Goý, şa hezretlerimiň gözüniň alnynda Hudaýyň Reb halkyňyň sanyny ýüz esse köpeltsin! Ýöne şa hezretlerine beýle etmek nämä gerek bolduka?!» diýdi. Ýöne patyşanyň sözi Ýowabyňkydan hem-de goşunbaşylardan üstün geldi. Şunlukda, Ýowap bilen goşunbaşylar ysraýyl halkynyň hasabyny almak üçin patyşanyň ýanyndan ugradylar. Olar Iordan derýasyndan geçip, Arogerde jülgäniň ortasyndaky galanyň günortasynda düşelge gurdular. Soňra olar Gatda ýerleşýän Ýazer tarapa gitdiler. Olar Gilgada we hetleriň ýurdy bolan Kadeşe bardylar. Soňra Danýagana, ol ýerden bolsa Sidonyň töwereklerine bardylar. Ol ýerden Sur galasyna we hiwileriň hem-de kenganlaryň ähli galalaryna aýlandylar. Iň soňunda olar Ýahudanyň Negep çölündäki Beýerşeba galasyna gitdiler. Şeýdip, olar bütin ýurdy aýlanyp, dokuz aý ýigrimi gün diýlende Iýerusalime dolanyp geldiler. Ýowap ilat ýazuwynyň netijesi bilen patyşany habardar etdi: Ysraýylyň eli gylyç tutup biljek adamlarynyň sany sekiz ýüz müň, Ýahudanyňky bolsa bäş ýüz müň adam bolup çykdy. Ilat ýazuwyndan soň Dawudyň ýüreginde ynjalyksyzlyk peýda boldy. Dawut Rebbe: «Şu hereketim bilen Seniň öňüňde uly günä gazandym, akmaklyk etdim. Öz guluňy günä astynda goýma, ýa Reb! Ýalbarýaryn!» diýip, Rebbe ýüzlendi. Ertesi irden Dawut entek turmanka, Dawudyň görgüri Gat pygambere Rebbiň şu sözi aýan boldy: «Dawudyň ýanyna bar-da: „Reb seniň öňüňde üç şert goýýar; birini saýla, Ol şony hem amala aşyrjak“ diýip aýt». Gat muny Dawuda aýtdy we oňa: «Ýurduňa ýedi ýyl açlyk gelsinmi ýa üç aýlap duşmanlaryňa kowduryp, olardan gaçyp gezjekmi, ýa-da ýurduňa üç günläp gyrgyn keseli gelsinmi? Pikir et-de, belli karara gel; meni iberen Rebbe berjek jogabyňy aýt» diýdi. Dawut Gada: «Men erbet ýagdaýa düşdüm. Gowusy, Rebbiň eline düşeýin, ynsan eline düşmäýin. Rebbiň rehimdarlygy beýikdir» diýdi. Reb ir säherden başlap, tä bellenen möhlet dolýança, Ysraýyla gyrgyn keselini iberdi. Dandan Beýerşeba çenli aralykda ýaşaýan ilatdan ýetmiş müň adam bu keseliň pidasy boldy. Perişde Iýerusalimiň halkyny gyrmak üçin oňa tarap elini uzadanda, Reb ýüregine düwen betbagtçylygyny goýbolsun etdi. Ol gyrýan perişdä: «Besdir! Indi eliňi çek» diýdi. Şonda Rebbiň perişdesi ýabuslardan bolan Arawnanyň harman ýeriniň golaýyndady. Dawut adamlaryň başyna külpet getirýän perişdäni görende, Rebbe: «Wah, men günä gazandym, ine, men hata iş etdim. Ýöne bu bigünä halk näme etdi ahyryn? Goý, Sen diňe maňa hem atamyň nesline jeza ber» diýdi. Şol gün Gat Dawudyň ýanyna baryp: «Bar, ýabuslardan bolan Arawnanyň harman ýerinde Rebbe gurbanlyk sypasyny gur» diýdi. Gatyň sözlerine eýerip, Dawut Rebbiň emri bilen çykyp gitdi. Patyşanyň adamlary bilen bile özüne tarap gelýändigini Arawna gördi; öňlerinden çykyp, iki bükülip, patyşa tagzym etdi. Soňra ol: «Şa hezretleri näme sebäpden gulunyň ýanyna geldikä?» diýdi. Dawut: «Rebbe gurbanlyk sypasyny gurmak üçin, seniň harman ýeriňi satyn almaga geldim. Şeýdip, halkyň başyna düşen betbagtçylyk sowlar» diýdi. Arawna Dawuda şeýle diýdi: «Şa hezretleri ony alsyn-da, islän zadyny gurbanlyk bersin. Ine, ýakma gurbanlygy üçin öküzler, ine-de odun üçin döwek döwýän gurallardyr öküzleriň boýuntyryklary. Eý, patyşa, şu zatlaryň hemmesini Arawna size berýär. Goý, Hudaýyň Reb senden razy bolsun». Emma patyşa oňa: «Ýok, men olaryň bahasyny tölejek. Mugt düşen zady Hudaýym Rebbe gurbanlyk berjek däl» diýdi. Şunlukda, Dawut harman ýeri bilen öküzleri elli kümüş teňňä satyn aldy. Dawut ol ýerde Rebbe gurbanlyk sypasyny gurup, ýakma hem salamatlyk gurbanlyklaryny berdi. Reb ýurt üçin edilen dilegleri kabul etdi; gyrgyn belasy Ysraýyldan sowuldy. Ýigrimi hem-de ondan kiçi ýaşlylary Dawut hasaba almandy, sebäbi Reb Ysraýyly gökdäki ýyldyzlaryň sany kimin köpeltmegi wada edipdi. Bir gün ylahy barlyklar Rebbiň huzurynda häzir bolmaga gelenlerinde, şeýtan-da olaryň arasy bilen geldi. Reb şeýtandan: «Nireden gelýärsiň?» diýip sorady. Şeýtan Rebbe: «Bütin ýer ýüzüne aýlanyp, syýahat edip gelýärin» diýip jogap berdi. Reb şeýtana: «Sen gulum Eýýuba üns berdiňmi? Dünýäde onuň ýaly adam ýokdur; ol akýürekli, dogruçyl, Hudaýdan gorkýan we şerden gaça durýan adamdyr» diýdi. Şeýtan Rebbe şeýle jogap berdi: «Eýýup Hudaýdan ýöne ýere gorkýandyr öýdýäňmi? Sen onuň özüni, maşgalasyny we bar mal-mülküni Öz penaňda saklaýarsyň ahyryn! Onuň elleriniň işine bereket berdiň, ýurtda mal-garasyny örňetdiň. Hany, Sen onuň mal-mülküne el urup bir gör, ol şonda Saňa gargynmazmyka?» Reb şeýtana: «Bolýar, goý, Eýýubyň ähli zady seniňki bolsun, ýöne onuň özüne degme» diýdi. Şeýdip, şeýtan Rebbiň huzuryndan çykyp gitdi. Başga bir gün ylahy barlyklar Rebbiň huzuryna gelenlerinde, şeýtan-da olaryň arasy bilen Rebbiň huzurynda häzir bolmaga geldi. Reb şeýtandan: «Nireden gelýärsiň?» diýip sorady. Şeýtan Rebbe: «Bütin ýer ýüzüne aýlanyp, syýahat edip gelýärin» diýip jogap berdi. Reb şeýtana: «Sen gulum Eýýuba üns berdiňmi? Dünýäde onuň ýaly adam ýokdur. Ol akýürekli, dogruçyl, Hudaýdan gorkýan we şerden gaça durýan adamdyr. Sen Meni Eýýuby sebäpsiz heläk etmäge öjükdirdiň, ýöne ol entegem päkliginde mäkäm dur» diýdi. Şeýtan Rebbe şeýle jogap berdi: «Ten deregine ten! Ynsan öz jany üçin bar zadyndan geçer. Sen onuň süýegine we tenine el degrip gör, şonda-da ol Saňa gargynmazmyka?» Reb şeýtana: «Bolýar, Eýýup seniň eliňde, ýöne onuň janyny aýa» diýdi. Şeýdip, şeýtan Rebbiň huzuryndan çykyp gitdi-de, Eýýubyň süýr depesinden dabanyna çenli agyryly çybanlar çykardy. Men Rebbiň perişdesiniň öňünde duran baş ruhany Ýeşuwany hem-de ony günäkärlemek üçin sagynda duran şeýtany gördüm. Reb şeýtana şeýle diýdi: «Reb saňa käýeýär, eý, şeýtan, Iýerusalimi saýlan Reb saňa käýeýär! Bu adam otdan çykarylan kesindi dälmi näme?» Onsoň Isa sözüni dowam edip: «Eý, Simun, Simun! Şeýtan sizi bugdaý ýaly sowurmak üçin diledi. Uly aždarha öz perişdeleri bilen ýere taşlandy. Hawa, bütin dünýäni azdyryp, iblis ýa-da şeýtan diýip atlandyrylýan bu gadymy ýylan ýere taşlandy.
Выбор основного перевода