Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Onsoň Rahel: «Hudaý meni aklady, Ol, hakykatdanam, meniň dilegimi eşidip, maňa bir ogul berdi» diýip, oglanyň adyna Dan dakdy. Rahel: «Doganym bilen juda çynlakaý göreşdim we ýeňdim» diýip, oglunyň adyna Naftaly dakdy. Leýanyň gyrnagy Zilpa Ýakuba bir ogul dogrup berdi. Leýa: «Meniňki şowuna boldy» diýip, oglunyň adyna Gat dakdy. Leýanyň gyrnagy Zilpa Ýakuba ikinji ogul dogrup berdi. Leýa: «Men bagtlydyryn! Gyzlar maňa bagtly diýerler» diýip, ikinji oglunyň adyna Aşer dakdy. Hudaý Raheli ýatdan çykarmandy. Ol Raheliň dilegini eşidip, onuň ýatgysyny açdy. Rahel göwreli bolup, bir ogul dogurdy. Ol: «Hudaý meniň aýybymy aýyrdy. Goý, Reb maňa ýene-de ogul bersin!» diýip, onuň adyna Ýusup dakdy. Jany çykyp barýan Rahel ogluna Benony diýip at dakdy. Ýöne kakasy onuň adyna Benýamin goýdy. onuň Rahelden bolan ogullary: Ýusup, Benýamin; onuň Raheliň gyrnagy Bilhadan bolan ogullary: Dan, Naftaly; onuň Leýanyň gyrnagy Zilpadan bolan ogullary: Gat we Aşer. Bu Ýakubyň Padanaramda doglan ogullarydy. Ýahuda ol ýerde Şuga diýen bir kenganyň gyzy bilen tanşyp, öýlenip, oňa ýanaşdy. Aýal göwreli bolup, bir ogul dogurdy. Ýahuda onuň adyna Er dakdy. Onuň aýaly ikinji gezek göwreli bolup, ýene-de bir ogul dogurdy. Ol oglanyň adyna Onan dakdy. Ol soňra ýene-de bir ogul dogurdy we onuň adyna Şela dakdy. Aýaly soňky ogluny dogranda, Ýahuda Kezipdedi. Ýahuda nowbahar ogly Eri Tamar diýen gyza öýerdi. Emma Ýahudanyň nowbahar ogly Eri Rebbiň nazarynda pislik edendigi üçin, Reb ony öldürdi. Ýahuda Onana: «Doganyňyň nesli ýitip gitmez ýaly, sen öz gelnejeňe ýanaşmaga borçlusyň» diýdi. Emma Onan özünden önjek çagalaryň öz nesli bolmajakdygyny bilýärdi. Şol sebäpden-de ol her wagt gelnejesine ýanaşanda, çaga galmazlygy üçin tohumyny ýere dökerdi. Onan Rebbiň nazarynda pislik edendigi üçin, Reb ony öldürdi.
Выбор основного перевода