Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Peresiň nesilleri şulardyr: Peresden Hesron, Hesrondan Ram, Ramdan Eminadap, Eminadapdan Nahşon, Nahşondan Salmon, Salmondan Bowaz, Bowazdan Obet, Obetden Ýyşaý, Ýyşaýdan bolsa Dawut dünýä indi. Ýyşaý ýedi oglunyň ýedisini-de şeýdip, Şamuweliň öňünden geçirdi. Şamuwel Ýyşaýa: «Reb bularyň hiç birini-de saýlamady» diýdi. Soňra ol Ýyşaýdan: «Ogullaryň hemmesi şularmy?» diýip sorady. Ýyşaý: «Ýene körpesi-de bar, ol goýun bakyp ýör» diýip jogap berdi. Şamuwel Ýyşaýa: «Ony getirt, çünki ol bu ýere özi gelýänçä, biz dyz epmeris» diýdi. Dawut Ýahudanyň Beýtullaham galasyndan efratly Ýyşaý diýen adamyň ogludy. Ýyşaýyň sekiz ogly bardy. Şawulyň döwründe Ýyşaý eýýäm garrap, ýaşy birçene baran adamdy. Dawut iň kiçileridi; uly üç ogul Şawulyň ýanyndady. Ýyşaýdan Dawut patyşa doguldy. Dawutdan Süleýman dünýä indi, onuň ejesi Uryýanyň dul aýaly Batşebady.
Выбор основного перевода