Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Ol Hudaýyň Äht sandygyny getirmek üçin, adamlary bilen bile Bagala Ýahuda galasyna gitdi. Sandyk keruplaryň arasynda tagt guran Hökmürowan Reb diýip atlandyrylýar. Olar Hudaýyň sandygyny täze araba ýükläp, baýyrlykda ýerleşýän Abynadabyň öýünden alyp çykdylar. Täze arabany Abynadabyň ogullary Uza bilen Ahýo sürüp barýardylar. Uza Hudaýyň sandygynyň gapdalyndan, Ahýo bolsa sandygyň öňünden ýöräp barýardy. Dawut we tutuş ysraýyl halky Rebbiň huzurynda bar güýçleri bilen serwi agajyndan edilen dürli saz gurallaryny: lira, arfa, deprek, kimwaldyr kastanet çalyp tans edýärdiler. Nakonyň harman jaýyna ýetenlerinde, olaryň öküzleri büdredi, Uza elini uzadyp, Hudaýyň sandygyndan tutdy. Uza garşy Rebbiň gahary geldi. Biperwaýlyk edendigi üçin, Hudaý ony şol ýerde öldürdi. Uza edil Hudaýyň sandygynyň ýanynda jan berdi. Dawut Rebbiň Uzany öldürendigi üçin gaharlandy. (Ol ýer şu güne çenli Peres Uza diýlip atlandyrylýar.) Dawut şol gün Rebden gorkup: «Rebbiň sandygyny nädip meniň ýanyma getirip bolarka?» diýdi. Şunlukda, Dawut Rebbiň sandygyny Dawut galasyna äkitmek islemedi. Ol sandygy Gat galasyndan bolan Obededomyň öýünde goýup gitdi. Rebbiň sandygy üç aýlap Obededomyň öýünde durdy. Reb Obededomy we onuň tutuş hojalygyny ýalkady. Daglaryň gerşinden araçäk Neptowa çeşmesiniň gözbaşyna tarap aýlanýar. Ol ýerden hem Epron daglygyndaky galalara tarap gelýär. Soňra ol Bagala (bu Kirýatýegarym) tarap aşak düşýär. Kirýatbagal (bu Kirýatýegarym) we Raba – obalary bilen bile iki gala. Olar Şilo birnäçe adam iberip, keruplaryň ýokarsynda tagt guran Hökmürowan Rebbiň Äht sandygyny getirdiler. Eliýiň ogullary Hopny bilen Pinehas hem Hudaýyň Äht sandygynyň ýanyndadylar. Hizkiýa Rebbiň huzurynda dileg edip, şeýle diýdi: «Eý, keruplaryň üstünde tagt guran Ysraýyl Hudaýy Reb! Bütin dünýäniň patyşalyklarynyň Hudaýy Sensiň, Sen ýeke-täksiň. Ýeri-gögi ýaradan-da Sensiň.
Выбор основного перевода