Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
günortada ýaşaýan awalar, Müsüriň gündogaryndaky Şihor derýasyndan demirgazyk Ekronyň araçägine çenli ýerler. Bu ýerler kenganlaryň ýerleri hasaplanýar. Şeýle hem, oňa piliştlileriň bäş galasy: Gaza, Aşdot, Aşkelon, Gat we Ekron degişlidir. Soňra: «Piliştliler Rebbiň sandygyny yzyna iberipdirler. Geliň-de, ony alyp gidiň» diýen habar bilen olar Kirýatýegaryma çapar gönderdiler. Şondan soň kirýatýegarymlylar gelip, Rebbiň sandygyny alyp gitdiler. Olar ony depäniň üstünde ýaşaýan Abynadabyň öýüne getirdiler we onuň ogly Elgazary Rebbiň sandygyna gözegçilik etmäge bagyş etdiler. Dawut ýene-de Ysraýylyň men diýen adamlaryndan otuz müňüsini toplady. Şeýdip, Süleýman we bütin ysraýyl halky – uly mähelle Lebohamatdan Müsür serhedine çenli bolan aralykda, Hudaýymyz Rebbiň huzurynda on dört günläp baýram etdiler. Rebbiň sandygyny onuň üçin taýýarlan ýerine getirmek üçin, Dawut ähli ysraýyllary Iýerusalime ýygnady.
Выбор основного перевода