Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Her sapar Äht sandygy ýola düşende, Musa şeýle diýerdi: «Galkyn, eý, Reb! Goý, duşmanlaryň dargasyn, seni ýigrenýänler Seniň öňüňden gaçsyn». Ýeşuwa şeýle diýdi: «Eý, Hökmürowan Reb, Sen näme üçin bu halky Iordandan bärik getirdiň? Ýa-da bizi amorlaryň elinde gyrdyrmak üçin getirdiňmi? Biz Iordandan geçmän, öňki ýerimizde galyp ýaşaberen bolsak bolmaýarmydy näme?! Eý, Taňrym, ysraýyllar duşmanlaryndan ýeňse berip gaçanlaryndan soň, indi men näme aýdaýyn? Tutuş ysraýyl jemagaty Şiloda ýygnanyşdy we ol ýerde Rebbe ýüz tutulýan çadyr guruldy. Çünki ähli ýerler ysraýyllara tabyn bolupdy. Şamuwel hem Hudaýyň sandygynyň saklanýan ýeri bolan Rebbiň ybadathanasynda ýatyrdy. Hudaýyň çyrasy heniz sönmändi. Muny eşiden Dawut ýakasyny tutup, geýimlerini ýyrtdy, onuň ýanyndakylar hem şeýtdiler.
Выбор основного перевода