Olar Beýtelden ugradylar. Efrat welaýatyna ýetmäge sanlyja menzil galanda, ýolda Raheliň çagasynyň bolmaly pursady gelip, ony agyr burgy tutup ugrady.
Agyr burgy tutýarka, göbegene oňa: «Gorkma, ine, seniň munyň-da ogul!» diýdi.
Jany çykyp barýan Rahel ogluna Benony diýip at dakdy. Ýöne kakasy onuň adyna Benýamin goýdy.
Şeýdip, Rahel dünýäden ötdi. Ol Efrata, ýagny Beýtullahama gidilýän ýoluň gyrasynda jaýlanyldy.