Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Muňa Dawudyň ýüregi gopan ýaly bolup gitdi. Ol adamlaryna şeýle diýdi: «Jenabyma, Rebbiň saýlan adamyna beýle zat etmekden, oňa garşy el götermekden Rebbiň Özi saklasyn, çünki ol Rebbiň seçip-saýlanydyr». Soňra ol Şawula: «„Dawut saňa ýamanlyk etmek isleýär“ diýýänleriň sözüne näme üçin ynanýarsyň? Jenabymyz huzuryndaky hyzmatkärlerine lira çalmaga ussat adamyň gözlegine çykmagy buýursa, Reb tarapyndan iberilen jyn-arwah siziň üstüňize inende, ol çalardy, siz bolsa gutulardyňyz». Reb her kimi öz adalatlylygy hem-de wepalylygy üçin sylaglaýandyr. Şu gün Reb seni meniň elime berdi, ýöne men Rebbiň seçip-saýlan adamyna el götermek islemedim. Şawul ýaragçy nökerine şeýle diýdi: «Gylyjyňy al-da, meni öldür; sünnetsizleriň elinden ölüp, olara göz bolmaýyn». Emma onuň ýaragçy nökeri juda gorkdy we beýle etmek islemedi. Şoňa görä, Şawul öz gylyjyny aldy-da, onuň üstüne özüni oklady. Dawut amalege: «Döken ganyň öz başyňa barsyn. Çünki sen Rebbiň seçip-saýlan adamyny öldürendigiňe öz diliň bilen şaýatlyk etdiň» diýdi.
Выбор основного перевода