Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Soňra Dawut hem gowakdan çykdy-da: «Eý, jenabym, patyşahym!» diýip, Şawulyň yzyndan gygyrdy. Şawul yzyna garanda, Dawut ýüzüni ýere berip, oňa tagzym etdi. Şu gün gowagyň içinde Rebbiň özüňi meniň elime berendigini öz gözleriň bilen gördüň. Seni öldürmegi talap edenlerinde-de, men saňa rehim etdim. Men olara: „Öz jenabyma el galdyrmaryn, çünki ol Rebbiň Öz seçip-saýlanydyr“ diýdim. Eý, atam, donuňdan kesilen elimdäki şu kesindini görýäňmi, ine, seret. Donuňyň synyndan kesip aldym, ýöne seni öldürmedim. Saňa ýamanlyk etmek ýa-da haýynlyk etmek niýetimiň ýokdugy şundan hem belli ahyryn. Meni öldürmek üçin aňtap ýörenem bolsaň, men seniň öňüňde günä gazanmadym. Ikimize, goý, Reb kazylyk etsin. Meniň arymy senden, goý, Reb alsyn. Köneleriň „Ýamanlyk ýamandan çykar“ diýişleri ýaly, men saňa garşy el götermerin. Ikimize, goý, Reb kazylyk etsin. Meniň arymy senden, goý, Reb alsyn. Köneleriň „Ýamanlyk ýamandan çykar“ diýişleri ýaly, men saňa garşy el götermerin.
Выбор основного перевода