Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýahuda öz zatlaryny tanap, şeýle diýdi: «Ol menden has mamla, sebäbi men ony oglum Şela dakmadym». Şondan soň, Ýahuda hiç haçan Tamar bilen ýatmady. Şawul Dawuda şeýle diýdi: «Men günä etdim. Yzyňa dolan, oglum, Dawut. Indi men saňa hiç wagt ýamanlyk etmerin, çünki bu gün meniň janym seniň üçin juda gymmatly boldy. Men akmak bolupdyryn, juda ýalňyşypdyryn». Emma Men size diýýärin: duşmanlaryňyzy söýüň, özüňizi yzarlaýanlar üçin doga-dileg ediň. Ýamanlyga ýamanlyk, sögünje sögünç bilen gaýtargy bermän, tersine, alkyş bilen jogap beriň, sebäbi siz şunuň ýaly ýaşamaga çagyrylansyňyz.
Выбор основного перевода