Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Seraý Ybrama: «Meniň mertebämiň peselmegine sen sebäp bolduň! Öz gyrnagymy seniň goýnuňa beren mendirin. Ol özüniň göwrelidigini bileni bäri maňa ýigrenç bilen seredýär. Ikimizden haýsymyzyň mamladygymyzy, goý, Reb çözsün» diýdi. Ybraýymyň Hudaýy we Nahoryň hudaýy (olaryň atalarynyň hudaýlary) biziň dawamyzy çözsünler!» diýdi. Soňra Ýakup öz kakasy Yshagyň Heder Edýäninden ant içdi. Men seniň öňüňde günäkär däl, sen bolsa meniň garşyma uruş başlap, maňa ýamanlyk edýärsiň. Indi, goý, höküm ýöredýän Reb ysraýyllar bilen ammonlylaryň arasynda hökümdar bolsun-da, höküm çykarsyn». Dawut oňa ýene şeýle diýdi: «Rebden ant içýärin, ony ýa Reb urar, ýa ol öz ajalyna öler ýa-da söweşde öler. Men bolsam Hudaýa ýüz tutardym, dawamy Oňa tabşyrardym. Eý, ezizlerim, özüňiz ar aljak bolmaň, muny Hudaýa tabşyryň. Sebäbi Reb: «Öç Meniňkidir, jezalandyrjak Mendirin» diýýär.
Выбор основного перевода