Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Onuň Şawul atly ýaş hem görmegeý bir ogly bardy. Ysraýylda boý--syrat babatda oňa taý ýokdy; beýlekiler onuň egnindendi. şonda Sen gökde Öz mesgeniňde eşit-de, olary bagyşla we olara ýardam et. Her kese eden işine görä jogap ber, çünki her ynsanyň ýüregini diňe Sen bilýänsiň. Süleýman, oglum, sen bolsa ataňyň Hudaýyny tana, Oňa ak ýürekden höwes bilen gulluk et. Çünki Reb her bir kalby synaýandyr hem ähli niýet-hyýallary bilýändir. Ony agtarsaň taparsyň, ýöne terk edäýseň welin, Ol senden müdimilik ýüz öwrer. Eýsem Seniň gözleriň ynsan gözlerimi? Ynsanyň görşi dek görýäňmi? Reb halklara höküm çykarýar; ýa Reb, dogrulygym bilen päkligime görä, Sen meni akla. Ölüler dünýäsi we heläkçilik ýeri Rebbe açyk bolsa, ynsan ýüregi Oňa has hem aýandyr. «Meniň pikirlerim siziň pikirleriňiz däl, siziň ýollaryňyz Meniň ýollarym däl». Muny Reb aýdýandyr. Onsoň Hudaýa doga-dileg edip: «Ýa Reb! Sen hemmäniň ýüregini bilýärsiň. Ine, şu ikisinden haýsy birini resullyga saýlan bolsaň, bize görkez,
Выбор основного перевода