Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Rebbiň perişdesi Hajary çöl içindäki, Şur ýolundaky suw gözbaşyndan tapdy. Ol ondan: «Eý, Seraýyň gyrnagy Hajar, nireden gelip, nirä barýarsyň?» diýip sorady. Hajar: «Bikäm Seraýdan gaçyp barýaryn» diýip jogap berdi. Ysmaýyl ýüz otuz ýedi ýyl ömür sürüp, dünýäden ötdi we ata-babalaryna gowuşdy. Ysmaýylyň nesilleri Aşur tarapda, Müsüriň golaýynda, Hawyladan Şura çenli bolan aralykda ýaşadylar. Olar Ybraýymyň beýleki nesillerinden aýra ýaşadylar. Şundan soň Musa ysraýyllara baş bolup, olary Gyzyl deňizden alyp, Şur çölüne gaýtdy. Çölde olar üç gün ýörediler, emma suw tapmadylar. Mertlerçe söweşip, amalekleri gyrdy, ysraýyly talaňçylaryň howpundan dyndardy. Ol adamlary bilen bile geşurlaryň, girzileriň we amalekleriň üstüne çozuş etdi, bular Şura gidýän ýoluň ýakasynda, Müsüre çenli bolan aralykda gadym eýýämden bäri oturan ýerli ilatlardy.
Выбор основного перевода