Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýitro: «Sizi müsürlileriň we faraonyň elinden azat eden Rebbe alkyş bolsun! Indi meniň sözüme gulak goý. Men saňa maslahat berjek. Hudaý saňa ýar bolsun! Sen Hudaýyň öňünde halkyň wekili bolup, olaryň ýagdaýlaryny Hudaýa ýetir. Musa gaýynatasy midýanly Reguwalyň ogly Hobaba: «Biz Rebbiň „size berjek“ diýen ýerine tarap ýola düşýäris. Ýör, biziň bilen git, biz saňa ýagşylyk ederis. Çünki Reb Ysraýyla ýagşylyk etjekdigini wada berdi» diýdi. Emma Hobap oňa: «Ýok, men gitjek däl. Men öz ýurduma, garyndaşlarymyň ýanyna gitjek» diýdi. Musa oňa: «Bizi taşlap gitme! Çünki çölde düşlejek ýerlerimizi sen gowy bilýärsiň, bize ýolbeletçilik et. Eger biziň bilen gitseň, Rebbiň bize etjek ýagşylyklaryny seniň bilen paýlaşarys» diýdi. Keýnlerden bolan Musanyň gaýynatasynyň nesilleri ýahudalar bilen bilelikde Palma galasyndan çykyp, Aradyň golaýynda Negepdäki Ýahuda çölüne ýaşamaga gitdiler. Ol ýerde olar amalekleriň arasynda ornaşdylar. Keýn tiresinden bolan Heber Kedeşiň golaýynda ýerleşen Saganannymda, dub agajynyň ýanynda çadyr gurupdy. Heber şol wagtlar beýleki keýnlerden aýry ýaşaýardy. Keýn tiresi Musanyň gaýynatasy Hobabyň nesillerindendi. Akyş han: «Bu gün kimiň üstüne çozduň?» diýip soranda, ol: «Negep çölündäki ýahudalaryň topragyna» diýip, ýa-da «Negep çölündäki ýerahmeýelleriň ýerlerine» diýip, ýa-da «Negep çölündäki keýnleriň ýerlerine» diýip jogap bererdi.
Выбор основного перевода