Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Piliştli goşunyň öňdäki bölümine barmak üçin, Ýonatan Boses hem Sene atly iki sany uçut gaýanyň arasynda ýerleşýän geçelgeden geçmelidi. Gaýalaryň demirgazykdakysy Mikmaşa, günortadakysy bolsa Geba tarap bakyp durdy. Ýonatan öz ýaraglaryny göterýän nökerine şeýle diýdi: «Ýör, şol sünnetsizleriň üstüne gideli. Belki, Reb biziň işimizi oňuna eder. Çünki köpüň elinden ýa-da azyň elinden halas etmäge Reb üçin hiç hili kynçylyk ýokdur». Şeýdip, olaryň ikisi-de piliştlilere göründiler. Piliştliler olary görüp: «Serediň! Ýewreýler gizlenen garymlaryndan çykyp başladylar» diýip seslendiler. Dawut şol wagt galadady. Piliştlileriň goşun bölümi bolsa Beýtullahamdady.
Выбор основного перевода