Şamuwel oňa şeýle diýdi: «Reb bu gün Ysraýyl patyşalygyny seniň eliňden ýyrtyp alyp, saňa görä has gowurak başga birine berdi.
Hudaý Şawuly tagtdan düşürenden soň bolsa, olara Dawudy patyşa etdi we ol hakda şaýatlyk edip: „Göwnümden turýan bir adamy, Ýyşaýyň ogly Dawudy tapdym. Ol Meniň ähli islegimi berjaý eder“ diýdi.